Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan dabaraly maslahat geçirildi. Oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň, partiýa işjünleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan bu çärede Baş Kanunymyzyň hem-de mukaddes Tugumyzyň döwletliligiň, agzybirligiň we parahatçylygyň sarsmaz binýadydygy aýratyn bellenildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan syýasy-hukuk özgertmeleriniň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki taryhy ähmiýetine ýokary baha berildi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň agrar sektorynda gazanylýan üstünlikler, toprak eýeleriniň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmegi we oba hojalykçylaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada gyzgyn söhbet edildi. Gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň möhüm sütünleriniň biri bolan oba hojalygynda zähmet çekýän adamlara goýulýan sarpanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny has-da berkitmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýarlygy, döwletimiziň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hukuk we ruhy gymmatlyklaryň dabaralanmagy
15
May

