Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde möhüm orun tutýan ýaşlaryň öňünde belent maksatlar goýuldy. Şunda olaryň milli kanunçylyk ulgamynda amala aşyrylýan işleriň durmuşa geçirilmegine, hukuk medeniýetiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaklaryna giň ýol açylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi häzirki döwrüň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ata Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, döwrebap ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik
başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, olaryň öz hukuklaryny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar döwrüň möhüm meseleleridir. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda amala aşyrylýan esasy maksatlar bilen bir hatarda, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi hukuk medeniýetiniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň sazlaşygyny üpjün edýär.
Atamyrat ROZYÝEW,
Türkmenabat şäher döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.