Howply keselden goranalyň!
Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr. Çünki saglyk sagdyn durmuşyň özenidir. Sagdyn durmuş bolsa, ynsan ömrüniň bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak boýunça ummasyz işler, zyýanly endiklere garşy göreşler giň gerimde alnyp barylýar. Has dogrusy, bu baradaky mesele ilkinji nobatda durýar. Munuň üçin ýörite „Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we bu Kanun hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp, güýje girizildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, onda adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy göz öňünde tutulan.
Neşekeşlik we çilimkeşlik adam bedenine özüniň heläkleýji täsirini ýetirýär.Çilim aşgazanyň, gyzylödegiň we öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Her ýylyň maý aýy bolsa bu howply kesellere, ýagny „Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş“ aýy diýlip yglan edilýär.
Biz onkolog lukmanlary hem köpçülik jemgyýetçilik ýerlerinde „Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşiň“ biraýlygynyň çäklerinde yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini alyp bardyk. Çärelerdäki çykyşlarda zyýanly endikleriň adama edýän, esasan-da ýaş nesliň saglygyna ýetirýän zyýanlary, has dogrusy öýkeniň howply täze döremelerine sebäp bolup bilýändikleri dogrusynda degerli gürrüňleri maslahat berdik.
Wagyz-nesihat çäreleriň üsti bilen bu kesel dogrusynda birnäçe gerekli maglumatlary almaga mümkinçilik tapdylar.
Minara HYDYROWA,
Türkmenabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň onkolog lukmany.