TÜRKMENISTAN HABARLARY

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan bu gün» saýty habar berýär.
Ondan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekipdi. Oňa laýyklykda, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi, onuň Tertipnamasy we işgärleriniň düzümi tassyklanyldy. Gazna ösüp gelýän nesle durmuşy goldaw berer, howandarlyga mätäç çagalara salgyny dikeltmäge ýardam eder, şonuň ýaly-da, olaryň bagtly ýaşamagy üçin oňyn şertleri döreder.
Döwlet Baştutany öz gazanjyndan ilkinji bolup, täze döreden haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýýandygyny habar berdi we eger-de, ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiz bar bolsa, olar hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip biljekdigini aýtdy.
Bu gazna daşary ýurtlular üçin hem açyk bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply