TÜRKMENISTAN HABARLARY

Howa sowaýar, ýöne ýagşa garaşylanok

Lebap welaýatynda howa assa-ýuwaşdan sowaýar, hatda bulutly günler köpelip başlady. Şeýle-de bolsa, welaýatda hepdäniň dowamynda ýagyş ýagmagyna garaşylanok.
Şu hepdede welaýatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser.
Howa gijelerine -1… +4 gradusdan +4… +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14… +19 gradusdan +19… +24 gradus aralygynda maýyl bolar.