Aýdym saz sungaty — jadyly senet. Owazlaryň imrindiriji, gaýtalanmajak gözelligi islendik adamy hem özüne maýyl edýär. Aýdym-saz sungatynyň özboluşly ýerine ýetirijiligi bilen tapawutlanýan görnüşleriniň biri hem hor sungatydyr. Ýurdumyzda hereket edýän hor toparlarynyň arasynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary mynasyp orunlaryň birini eýeleýär. Ol 1975-nji ýylda döredilip, şu güne çenli ajaýyp aýdymlary bilen toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup durýar. Döredilen günlerinden bäri düzüminde ussat ýerine ýetirijileri bolan bu topar diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, Latwiýanyň Riga, Özbegistanyň Daşkent, Buhara şäherlerinde, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde, Türkiýede hem üstünlikli çykyş etdi we türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä çykarmaga öz goşandyny goşdy. Hor toparynyň şeýle üstünlikleri gazanmagynda onuň kämilleşmegine özüniň yhlasly zähmetini siňdiren  halypa mugallym, kämil hormeýster, öz käriniň ussady, Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýewiň hyzmatynyň uludygyny bellemek gerek.

Häzir Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň «Horuň dirižýory» bölüminde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwlet Sahatow, Aksona Gurbanowa, Enejan Berdiýewa, Irina Lusenko, Muhtar Musaýew dagylar talyp ýaşlara hor sungatynyň inçe tilsimlerini öwredýärler. Hor topary köpdürli ajaýyp aýdymlary bilen ýygy-ýygydan teleýaýlymlarda, şeýle hem welaýatymyzyň dürli ýerlerinde geçirilýän dabaraly çärelerde we konsertlerde çykyş edip, halk kopçüligine ruhy lezzet paýlaýarlar.     

Ine, şeýle konsertleriň biri hem ýakynda welaýat çagalar sungat mekdebinde uly şowhun bilen geçirildi. Onda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri, şeýle hem güneşli Diýarymyzy, beýik ösüşlere beslenen ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyna D.Öwezowyň döreden «Baglar heý», N.Halmämmemedowyň döreden we A.Täjowyň täzeden işlän «Keçpelek», A.Agabaýewiň sözlerine B.Hudaýnazarowyň döreden «Älemgoşar» aýdymlary özüniň dramatiki häsiýeti bilen sungat söýüjileriň kalbynda çuňňur pelsepä ýugrulan adamzat ykbalynyň pursatlaryny janlandyrdy. Horuň a’cappella ýagny saz guralsyz, diňe öz sesleri bilen aýdylýan usulynda eserleriň  ýerine ýetirilmegi diýseň täsirli boldy. Biri biriniň üstüni ýetirýän hoş owazlaryň professional derejede ýaňlanmagy hor toparynyň we dirižýorlaryň agzybirlikde çeken zähmetiň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk etdi.

Mylaýym sazlaşygyň akabasyndan syzylyp çykan näzik liriki duýgularyň çeşmesi bolup ýaňlanan B.Berdiýewiň «Söýgi kenary», R.Allaýarowyň «Leýlisaç», italian halk aýdymy «Santa Luçiýa» hem diňleýjileriň kalbynda gözellik duýgularyny oýarýan ýakymly täsirini ýetirdi.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halk sazlarynyň däpleriniň esasynda döredilen  B.Soltanowyň «Gel, Arzygül görüşeli» aýdymy her bir türkmeniň ýüregine ýakyn özboluşly milli öwüşgünleri bilen tapawutlandy.

B.Hudaýgulyýewiň «Mekanym bar» eseri bolsa, beýik ösüşlere beslenen baky Bitarap mekanymyzyň buýsançly waspnamasy bolup, konserti uly şowhun bilen jemledi.

Hoş owazlaryň sazlaşygyny emele getirýän dürli öwüşginli sesleriň bitewilikde ýaňlanmagy, ýerine ýetirijileriň biri-birini diňläp bilmek ukyby, dirižýoryň her bir hereketine düşünip, eseriň dowamynda ony ýerlikli berjaý etmekleri dirižýor mygallymlar bilen talyp ýaşlaryň arasyndaky sazlaşykly halypa-şägirt gatnaşyklarynyň hem ýokary derejä ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa gadymy Lebap topragynyň sungat ojagy bolan welaýat ýörite sungat mekdebiniň esasy ýörelgeleriniň biridir.

 

Mähri Çaryýewa,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: