Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly ýurdumyzyň ähli ugurlarynda-syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlary we beýleki pudaklary üçin şanly ýyllaryň biri boldy.
Täze ýyl baýramçylygy jadyly, diýseň üýtgeşik baýramçylyk. Sebäbi taze ýyl baýramy ynsanlaryň ýüzlerine ýylgyryş, ýüreklerine bolsa nur paýlaýar. Şeýle-de täzeden täze sepgitlere, arzuw-hyýallara besleýär. Täze ýyl baýramçylygy iň naýbaşy baýramçylyklaryň biri bolup, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Bu jadyly baýramçylyga ulylar we körpejelerimiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Owadan ýurdumyzda bu ajaýyp baýramçylygy şatlykly-şowhunly geçirmeklik üçin örän guramaçylykly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe owadan bezelen arçalar oturdylýar, etrapdyr-şäherlerimiziň köçeleri reňkli-öwüşginli çyralar bilen bezelýär. Täze ýyly baýramçylygy mynasybetli medeni çäreleri, baýramçylyk äheňindäki sergiler şeýlede medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, aýdymdyr tanslary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolsa Aýazbaba we Garpamyk bolup, bagtyýar çagajyklaryň ýüzlerine şatlyk we nur paýlaýarlar.
Täze ýyl baýramy-maşgala baýramçylygydyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde hem Täze ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşylanýar. Täze ýyl her bir maşgala ojagyna saglyk, agzybirlik, şatlyk, bereket we bagt eçilsin
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we külli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Marhabo ERGEŞOWA,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çagalar
sungat mekdebiniň “Horuň dirižýorlygy” hünäriniň mugallymy.

