Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak meýilleşdirilýär.
Şeýle-de ykdysadyýetiň pudaklaryny we sebitleri durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek maksat edinilýär.
2026-njy ýylda ýurduň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilip, döwlet Baştutanymyz bu maksatnama laýyklykda Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýyl üçin Maksatnamany tassyklady
16
Feb

