BIZE YAZYARLAR

Hormatly käriň sarpasy

Islendik döwletiň kuwwaty onuň bilimli, terbiýeli we watansöýüji ýaşlaryna baglydyr. Mugallym okuwçynyň diňe bir akyl taýdan ösüşine däl, eýsem, onuň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, watançylyk duýgularynyň artmagyna uly goşant goşýan jogapkärli käriň eýesidir. Mugallymçylyk käriniň ähmiýetine düşünmek üçin halkymyzyň baý edebi mirasyna we taryhy çeşmelere ser salmak ähmiýetlidir. Çünki geçmişiň beýik akyldarlary hem mugallymy diňe bir ders berýän adam däl-de, eýsem, ynsany ruhy belentlige göterýän mukaddeslik hökmünde hormatlapdyrlar.
Taryhyň sahypalaryna ser salsak, dünýäniň ylmy we ruhy ösüşiniň düýbinde hemişe mugallymyň zähmetiniň ýatandygyny görýäris. Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Farabydan, Birunydan, Ibn Sinadan başlap, türkmen edebiýatynyň sütünleri bolan Magtymguly Pyraga çenli ähli beýik şahsyýetler öz halypalaryna we mugallymlaryna bolan çuňňur hormatyny eserlerinde ebedileşdiripdirler. Sebäbi mugallym diňe bir ylym beriji däl, eýsem, ruhy dünýäniň gurluşykçysydyr.
Halkymyzda «Mugallym — saýaly çynar» diýen ajaýyp jümle bar. Mugallymçylyk — bu diňe bir hünär däl, eýsem, uly jogapkärçilikdir. Çaganyň kalby ak kagyza meňzeýär, mugallym bolsa şol kagyza durmuşyň iň gowy pursatlaryny, ýagşy gylyk-häsiýetleri ýazýar. Mugallymyň çeken zähmeti, sarp eden wagty we beren mähri nesilleriň aňynda ömürlik galýar. Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Kowusnama» eserinde mugallyma bolan hoşallyk duýgusy iň belent ynsanlyk borjy hökmünde orta çykýar. Eseriň awtory Keý-Kowus (XI asyr) öz ogly Gilanşaha berýän her bir öwüdiniň dowamynda: «Mugallym maňa şeýle diýipdi», «Mugallym maňa şeýle öwredipdi» diýen jümleleri ulanmak bilen, özüniň kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde mugallymyň hyzmatynyň uly bolandygyny ýaňzydýar. Ol ogluna we bütin adamzat nesline: «Mugallymyňa hemişe minnetdar bolgun!» diýip sargyt etmek arkaly, ylym beren ynsanyň sarpasyny tutmagyň hakyky mertlik we asyllylykdygyny nygtaýar. Çünki mugallym ynsanyň gözýetimini giňeldip, ony nadanlyk tümlüginden ýagtylyga çykaryjy nurdur.

Güneş HUDAÝBERDIÝEWA,
Dänew etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.