BIZE YAZYARLAR

Horda sazlaşygy gazanmak

Täze innowasion zamananyň gelmegi bilen wokal we hor sazlarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryna bolan talaplar hem täzelendi we has-da çylşyrymly boldy. Häzirkizaman kompozitorlar öz eserlerine täze ýerine ýetirijilik usullaryny girizmegi, eserleriň dramaturgiýasyny we çeperçilik beýanyny has-da giňeltdi. Saz bezegleriň baýlaşmagy, ses alnyş usullaryň üýtgemegi, polifoniýanyň çuňlaşdyrylmagy ýaly ýerine ýetirijilik usullar bu üýtgeşmelere degişli bolup durýar. Nowatorlylyk hor bilen işleýän
mugallymlaryň we dirižýorlaryň öňünde intonasion gönükmeleriň täze görnüşlerini işlemek ýaly meseleleri goýýar. Perdeleriň durnuksyzlygy, tonallygy öňünden duýup eşitmeklik ukyby, dissonans ses aralyklara esaslanan fakturany ýerine ýetirmeklik üçin topar ýolbaşçydan ilkibaşda hordaky ýerine
ýetirijileriň saz eşidişiniň üstünde irginsiz zähmet çekmekligini talap edýär.
Saz diliniň çylşyrymlaşmagy, garmoniýada, ritmde, ştrihlerde, sesiň akgynly ýaňlanmagynda girizilen täze usullar elbetde tehniki we çeperçilik ussatlygyny ösdürmekligi ýerine ýetirijiler üçin wajyp bolup durýar. Şeýlelik bilen häzirikizaman sazlaryny ýerine ýetirmeklikde birnäçe wajyp meseleleri ýüze çykýar. Olaryň ilkinjisi bolsa intonasiýanyň we diksiýanyň üstünde işlemeklikdir. Kompozitorlaryň döreden eserlerini dogry we dürs ýerine ýetirmeklik bolsa, ol eseriň şowly çykmagyna täsir edýän wajyp faktorlaryň biridir.

Leýla IGAMBERDIÝEWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.