• Wed. Sep 30th, 2020

Hor toparynyň repertuarynda — «Parahatlyk aýdymy»

Apr 27, 2020

Lebap welaýat  çagalary sungat mekdebiniň mugallymy, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, kompozitor Jemal Reýimowa Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyna bagyşlanan täze aýdymynyň üstünde işlemegi tamamlady.

https://www.youtube.com/watch?v=guEIJi8jkcQ

Ol «Parahatlyk aýdymy» diýlip atlandyrylýar. Onuň sözlerini şahyr Agamyrat Soltanow ýazdy. Onuň oranžirowkasy M.Hudaýberdiýewiňki. Aýdymy şu mekdebiň okuwçylaryndan düzülen, Gülbaba baýragynyň eýesi «Şöhle» estrada hor topary ýerine ýetirýär. Sazyny mekdebiň mugallymlaryndan we okuwçylarynda düzülen «Saz» orkestri kompozitor Jemal Reýimowanyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirýär.

Jemal Reýimowa welaýatda döredijilikli işleýän kompozitorlaryň biridir. Ol ýerli şahyrlaryň sözlerine birnäçe aýdymlary ýazdy.

02
03
01

Previous
Next

Поделиться ссылкой: