Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz we sungatymyz görlüp eşidilmedik derejede ösýär, özgerýär. Hor sungatyny ösdürmek we köp sesliligiň syrlaryny ýaşlara öwretmek, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmak baradaky döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegidir, şonuň üçin hem hor sungatynyň täze belentliklere çykarylmagy halkymyzyň ruhy bitewüliginiň binýadyny berkidýär.
Saz sungatynyň iň gadymy we iň kämil görnüşleriniň biri hem hor sungatydyr. Hor-bu adamlaryň topar bolup aýdym aýtmagy däl-de eýsem, ynsan sesleriniň ýokary derejedäki sazlaşygyny we bitewüligini görkezýän ajaýyp dünýädir. Onuň esasy güýji we özüne çekijiligi bolsa köp seslilikde (fakturada) jemlenendir. Sazda köp seslilik esere çuň many, öwüşgin we dramatizmlilik berýär. Bir sesli (monodiýa) aýdymlar diňe bir owazy ýetirýän bolsa, hor eserlerinde dürli sesleriň özara utgaşmagy netijesinde ägirt uly ses akymy emele gelýär.
Gomofon-garmoniki fakturada esasy owaz ýokarky sesde bolup, beýleki sesler ony garmoniki taýdan has hem baýlaşdyrýandyr.
Polifoniki fakturada bolsa her bir sesiň özbaşdak owazy we ähmiýeti bolup, olaryň biri-birini kowalap gelmegi (imitasiýa) horda örän täsin akustik gurşawy döredýär.
Professional hor, adatça, dört esasy ses toparyndan ybaratdyr: soprano, alt, tenor we bas. Bu sesleriň her biriniň öz diapozony we tembri bolup, olar birleşende bitewi bir janly saz guralyna öwrülýärler. Hor sungatynda iň kyn we möhüm zat ansambl we intonasiýa arassalygydyr. Her bir ýerine ýetiriji diňe bir öz sesini däl, eýsem ähli topary diňlemegi başarmalydyr.
Hor sungatynyň adamyň içki dünýäsine we jemgyýete bolan täsiri örän uludyr. Horda aýdym aýtmak ýaşlarda: hor toparynyň içinde bitewi bir maksat üçin zähmet çekmek ukybyny ösdürýär. Şeýle-de bir wagtda birnäçe ses hataryny diňlemek, ýerine ýetirmek ýatkeşligi we ünsi has-da güýçlendirýär. Nusgawy we döwrebap eserler arkaly ýokary medeniýetliligi kemala getirýär.
Hor sungaty-bu ynsan ruhunyň beýikligini ses arkaly beýan edýän serişdedir. Köp sesliligiň täsin dünýäsini öwrenmek we ony ösdürmek, geljekki ýaş zehinleriň saz medeniýetini baýlaşdyrmakda möhüm orun tutýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň we halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagy netijesinde, hor sungatyny öwretmegiň usullary hem düýpli kämilleşýär. Hor sungatynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň medeni genji-hazynasynyň egsilmezliginiň we döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň aýdyň beýanydyr. Halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aksona KURBANOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Saz mugallymçylygy” bölüminiň mugallymy.

