Hojambaz etrabynda pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Medeniýet işgärleri bolsa meýdan düşelgelerinde bolup, aýdym-sazly çykyşlary bilen daýhanlaryň armasyny ýetirýärler.
Golaýda etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Mekan» daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň meýdan düşelgesinde günorta arakesme wagtynda pagtaçylar üçin medeni hyzmat guraldy. Bu gün meýdan düşelgesinde etrap medeniýet merkeziniň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da «Şatlyk» tans hem-de «Nowruz» folklor toparlary hem şüweleňli çykyşlary bilen hasyl ussatlarynyň armasyny ýetirdiler.
Şol gün bu ýerde etrap alyjylar jemgyýetine degişli göçme söwda nokatlarynyň işi ýola goýuldy. Çärä gatnaşyjylara Gahryman Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanylan melhem çaýlar hödürlenildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary täze neşir edilen kitaplaryň sergisini guradylar.
Günortan arakesme wagtynda pagta ýygym möwsüminde ýokary netijeleri gazanan kärendeçilere, kombaýnçylara etrap häkimligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hojambazly pagtaçylaryň armasy ýetirildi
31
Oct
