SUNGAT ADAMLARY

Hojambazly mugallymy meşhur agaç ussasy hökmünde-de tanaýarlar

Hojambaz etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Haltäç Rahymow esasy işinden daşary agaç ussaçylygy bilen hem meşgullanýar. Onuň ýasaýan agaç önümleriniň arasynda at eýerleri we agaç okaralar aýratyn orny tutýar.

Welaýat neşiriniň ýazyşy ýaly, onuň ýasaýan okaralaryna we at eýerlerine ýurduň dürli künjeklerinde isleg bildirilýär. 

Ussanyň ýasaýan agaç okaralary tebigy taýdan arassalygy, daşky görnüşiniň nepisligi we hiliniň berkligi bilen tapawutlanýar. Haltäç ussa dykyzlygynyň ýokary bolýanlygy üçin tut agajyndan atyň eýerini ýasaýar. 

Rahymowlaryň maşgalasynda ussaçylyk käri nesilden nesle geçip, dowam edýär. Garry atasy Gylyç ussanyň bu käriň inçe syrlary hakyndaky nesihatlary onuň nebereleriniň durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Haltäç Rahymow ogly Atamyradyň eýeri özündenem gowy ýasaýandygyny gürrüň berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: