Hojambazly çopan «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň eýesi boldy
Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Aganýazowiç Hanyýew «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti SerdarBerdimuhamedow degişli Permana gol çekdi.
Perman bilen, lebaply itşynas bilen bilelikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Orazmyrat Rejepgulyýewiç Saparowa hem bu hormatly at berildi.
«Men indi kyrk ýyl bäri Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginde at çopany bolup zähmet çekýärin. Ýeri gelende, atçylyga söýgi döreden halypamyň Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşiginiň at çopany Astanguly Aýhanow bolandygyny ýatlap geçmek isleýärin. Çagalygymdan alabaýlar bilen höwrükdim. Olary idetmäge bolan söýgi maňa
kakam Aganyýaz Hany oglunyň göreldesi bilen geçdi. Sebäbi biz hemişe gapymyzda alabaý saklaýardyk. Akguş, Şirhan ýaly meşhur alabaýlary ýetişdirdim. Häzirki günde-de nesil ugruny Gökdepe Çakan we Akbilek diýen arassa ganly tohum itlerden alyp gaýdýan Garagulak diýen köpegim (Meret Aždaryň ugry), şöhratly Şirhandan gaýdýan Ýekemen hem-de Sarygyz diýen alabaýlaryň nesli bolan Garlawaç atly ene alabaýym bar» diýip, hojambazly itşynas «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.