Hojambaz etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Menzil Rozmyradowa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalara baý bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen belent tutumlar Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle-de ol hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň ýurdumyzda we halkara derejede giňden bellenilmeginiň ýylyň esasy wakalarynyň biri bolandygyny aýtdy.
Menzil Rozmyradowa hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara foruma gatnaşmagyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, forumda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olaryň bilim we medeni-durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy, şeýle-de forumyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.
Hojambazly bilim işgäri: «2025-nji ýyl türkmen zenanlary üçin düşümli ýyl boldy»
25
Dec
