Lebap welaýatynda açylan daýhan hojalyklary meýilleşdirilen ep-esli tonna dänäni artyk tabşyryp, Watan harmanyna uly goşant goşdular.
«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä,, Saýat etrabynda telekeçi Garýagdy Bazarow özüne degişli 800 gektarlyk hojalygynda 1040 tonnanyň ýerine 1727 tonna hasyl tabşyryp, meýilnamasyny 166 göterim berjaý etdi. Hojambaz etrabynyň çäklerinde açylan «Zähmetkeş daýhan» hojalygynda 630 gektar ýerden 1360 tonna hasyl alnyp, meýilnama 137 göterim amal edildi. Şeýle guwandyryjy üstünlikler welaýatda başga-da ýeterlik.