Hojambazda iň gowy woleýbol topary kesgitlenildi
Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebinde etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Sport – ýaşlaryň gujurly güýji» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Çekeleşikli bäsleşikde 23-nji orta mekdebiň topary öňdeligi eýeledi.
1-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 10-njy orta mekdebiň topary 3-nji orunla ra mynasyp boldular. Ýaryşda Nurýagdy Nurmuham medow, Maksat Haltäjow, Nurgeldi Nurmuhammedow ýaly türgenler has-da tapawutlandylar. Ýeňijilere we tapawutlanan türgenlere TMÝG-niň Hojambaz etrap geňeşiniň sowgatlarydyr Hormat hatlary gowşuryldy.