Hojambaz we Çärjew etraplaryna täze häkim bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara gol çekip, Lebap welaýatynyň Hojambaz we Çärjew etraplaryna täze häkimleri belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany bilen Erkaýew Murat Öwlýakulowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ozal Saýat etrap häkiminiň orunbasary bolup işlän Erkin Ýaňybaýewiç Açylow bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutany ýörite Perman bilen Rozyýew Atajan Joraýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä Astanogly Seýidowy belledi.