JEMGYÝET

Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri göz öňünde tutulanyndan artyk pile tabşyrdylar

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri şertnamalaýyn borçnamalaryndan artyk pile tabşyrýarlar. Şu güne çenli olaryň kabul ediş nokatlaryna getiren çig maly 98 tonna 112 kilograma barabar boldy. Bu göz öňünde tutulanyndan 1,1 tonna gowrak artykdyr.
Şonça piläni 2487 kärendeçi ýetişdirdi. Olar 2466 gap gurçugy idetdiler. Gurçuklara talaba laýyk ideg etmek üçin etrabyň 9 daýhan birleşiginiň ählisinde hem oňaýly şertler döredildi. Iň esasysy bolsa, ýeterlik mukdarda iýmit gory döredildi.
Ýüpekçiler amatly bolar ýaly, ýetişdirilen etrabyň dürli ýerlerde işleýän pile kabul ediş nokatlarynyň 4-isinde kabul edilýär. Olar çig maly getirilmegi dowam edýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply