Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýolbaşçy wezipelere bellemek hem-de boşatmak bilen bagly degişli resminamalara gol çekildi. Kabul edilen çözgütlere laýyklykda, Merdan Bebitowiç Poladow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Şeýle-de öň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Nureddin Batyrowiç Saýypow etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Etrabyň ozalky häkimi Erkin Ýaňybaýewiç Açylow fewral aýynda Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenilipdi.
Täze bellenen ýolbaşçynyň etrabyň durmuş-ykdysady ösüşine, oba hojalyk we gurluşyk işleriniň ilerledilmegine gönükdirilen wezipeleri alyp barjakdygy bellenilýär.
Hojambaz etrabyna täze häkim bellenildi
26
Apr

