TÜRKMENISTAN HABARLARY

Hojalyklar tebigy gaz bilen üpjün edilýär

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň «Çärjewetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri üstümizdäki ýylyň geçen döwründe gaz geçirijileriň 2 kilometre golaý aralygynda durkuny täzeleýiş işlerini geçirdiler.
Şu wagta çenli etrabyň çägindäki gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 950 kilometre golaýlady, şu aralykda gaz paýlaýjy enjamlaryň 41-siniň, gaz sazlaýjy enjamlaryň bolsa 430-sy hereket edýär. Bu ýylyň ähli pasyllarynda etrabyň ýaşaýjylarynyň tebigy gaza bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde hususy hojalyklaryň 22,2 müňden gowragy tebigy gaz bilen üpjün edilýär. Diňe şu ýylyň dowamynda täze hojalyklarynyň 12-sine bolsa tebigy gaz berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply