Hindistanyň ilçihanasy Türkmenabatdaky çäräniň guramaçylygy üçin hoşallygyny beýan etdi
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasynda ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen ýoga boýunça ussatlyk sapagynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Munuň üçin ilçihana Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimliklerine öz hoşallygyny bildirdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 12-nji iýunda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde geçirilen ussatlyk sapaklaryna şäheriň ýaşaýjylary, hususan- da, ýaşlar we ýetginjekler gatnaşdylar. Bu çäre 21-nji iýunda belleniljek Halkara ýoga güni mynasybetli geçirildi.