Hindistanyň Tikamgar şäherindäki Tal Koti köşgünde gadymy ýerasty kitaphananyň üsti açyldy. Bu taryhy ojakda seýrek duş gelýän neşirleriň 50 müňden gowragynyň bardygy anyklanyldy.
Kitaphananyň ýerasty suwlara golaýda ýerleşendigine garamazdan, ondaky kitaplar gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr. Hatda neşirleriň käbirleriniň möhürleri hem ýitmändir. Arheologlar bu gadymy neşirleriň arasynda has irki döwürlere degişli bolan golýazmalaryň, traktatlaryň hem bardygyny belleýärler.
Hindistanda ýerasty kitaphana tapyldy

12
Jun