YLYM WE TEHNIKA

Hindistanda soganyň täze görnüşi ýüze çykaryldy

Hindi alymlary iýilýän sogan bolan Allium negianum-yň täze görnüşi hakynda aýtdylar. Bu görnüş ýurduň Nepal bilen serhedindäki jülgede bitýär diýip, Lenta.ru habar berdi.

Alymlar soganyň täze görnüşini Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Uttarakhand welaýatynyň Niti jülgesinde ýüze çykardylar. Ol 3-4,8 müň metr belentlikde bitýär we esasan, açyk çemenliklerde, çägeli topraklarda, derýalaryň we dag silleriniň ýakalarynda duşýar. Täze görnüş soganyň Gimalaý daglarynda bitýän Pržewalskiý görnüşi bilen has ýakyndyr. Gyzykly ýeri, ýerli ýaşaýjylar bu sogany alymlardan öňürti tapypdyrlar we ol ýerli bazarda uly islegden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: