DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hindistanda robot mugallym işläp başlady

Hindistanyň Triwandram şäheriniň orta mekdepleriniň birinde Iris atly emeli aňly robot mugallym okuwçylara sapak bermäge başlady.

Okuwçylaryň okuw tejribelerini artdyrmak maksady bilen işe girizilen robot mugallym dürli dersler boýunça okuwçylaryň islendik sowalyna tiz we dogry jogap berip bilýär. Şeýle hem Iris dünýä dilleriniň birnäçesinde gürläp, sapaklary interaktiw usulda geçmäge ukyplydyr.

Ýeri gelende, dünýäde bu ugurdan dürli ýurtlarda düýpli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Ýöne alymlar robot mugallymlaryň hyzmatyndan giňişleýin peýdalanmagyň heniz irdigini aýdýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: