SYÝASAT

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär

 Düýn Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň taryhynda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk, şeýle-de şanly seneleriň ikisiniň — türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda geçirilýändigi bilen şertlendirilendir.

Gysga döwrüň içinde biziň ýurtlarymyz asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdiler. Milli döwletlilik gazanyldy, durmuş-ykdysady ösüşiň täze nusgasy döredildi, oňyn halkara tejribe toplandy. Häzirki wagtda Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dost we möhüm hyzmatdaşdyr, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biridir. Şu gezekki sapar hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulan ýokary derejedäki gepleşikler soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler.

Şu gün Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-hindi duşuşygynyň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr boljakdygy şübhesizdir.

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, şol sanda täze geljegi uly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Mahlasy, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: