DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hindistan ilatynyň sany boýunça Hytaýdan öňe geçdi

«World Population Review»-iň (WPR) baha bermegine görä, 2022-nji ýylyň ahyrynda Hindistanyň ilatynyň sany 1,417 milliarda ýetdi.

Munuň özi bu ýurduň ilatynyň sanynyň Hytaý döwletiniňkiden 5 million adam köpdügine şaýatlyk edýär. BMG Hindistanyň Hytaýdan öňe geçip, dünýäde iň köp ilatly ýurda öwrüljekdigini çaklapdy. Ýöne bu waka biraz soňrak bolup geçer diýlip garaşylýardy. WPR-iň berýän maglumatyna görä, şu ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli Hindistanyň ilaty ýene-de artyp, 1,423 milliard adama ýetdi. Iki ýurduň arasyndaky bu tapawut geljekde has artar. BMG-niň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýylda Hindistanyň ilaty 1,688 milliard adama ýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: