DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hindi awiakompaniýasy uçarda wi-fi hyzmatyny hödürleýär

Hindistanyň Air India dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Airbus A350, Boeing 787-9 we Airbus A321 neo uçarlarynyň käbirleri tarapyndan amala aşyrylýan içerki we halkara gatnawlarynyň uçarlarynda mugt Wi-Fi simsiz ulgam hyzmatynyň girizilendigi barada habar berdi.
Bu dynç almaga ýa-da işewürlik maksady bilen ugraýan ýolagçylara uçuşyň dowamynda aragatnaşykda bolup, web-sahypalaryny görmäge, sosial ulgamlaryndan peýdalanmaga, dost-ýarlaryna we maşgalasyna tekst habarlaryny ugratmaga mümkinçilik berýär.
Uçarda Wi-Fi hyzmaty iOS we Android operasion ulgamynda işleýän noutbuklar, planşetler we smartfonlar ýaly Wi-Fi üpjünçilikli enjamlar üçin mümkindir. Mundan başga-da, uçarda Wi-Fi hyzmatyna birbada birnäçe enjam birikdirilip bilner.
Air India öz düzümindäki beýleki uçarlarda hem bu hyzmatyny tapgyrlaýyn girizer.