JEMGYÝET

Hindi aktrisasy dünýä belli brendiň mahabat ýüzi boldy

«Max Factor» brendi Bolliwudyň meşhur aktrisasy we prodýusser Priýanka Çopra Jonasy özüniň täze mahabat ýüzi diýip yglan etdi. Bu barada «Elle» neşirinde habar berilýär. Mälim bolşy ýaly, aktrisa «Max Factor» bilen hyzmatdaşlyga şu ýyl girişdi we dessine kompaniýanyň esasy mahabat ýüzüne öwrüldi. Ol ilkinji gezek kompaniýa tarapyndan täze öndürilen ýüz kreminiň (Facefinity All Day Flawless Airbrush Finish 3 in 1) mahabatyna gatnaşdy.ÝUNISEF-iň meýletin ilçisi we bütin dünýäniň aýallarynyň goragçysy hökmünde tanalýan Priýanka Çopra aýallaryň hak-hukuklary baradaky işlerini hem dowam etdirýär. Aktrisanyň täze hyzmatdaşy «Max Factor»-yň 100 ýyllyk taryhy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: