JEMGYÝET

Himiýa zawodyndaky maslahat zähmeti goramaga bagyşlandy

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda «Zähmeti goramak sagdyn we
howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä welaýat
birleşmesiniň işgärleri we işewürler, zawodyň zähmeti goramak boýunça inženerleri,
hünärmenleri gatnaşdylar.
Howpsuz zähmeti guramagyň döwrebap usullaryna bagyşlanan okuw maslahatynyň
dowamynda edilen çykyşlarda zähmet kanunçylygy, zähmeti goramak we tehniki
howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekligiň zerurlygy, önümçilik sanitariýasynyň kadalary,
ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şertleri boýunça gürrüň edildi. Hünärmenler ýurdumyzyň
senagat kärhanalarynda raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň döwlet
kepillendirilmelerini bellemek, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, zähmetiň sagdyn
we howpsuz şertlerini döretmek, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny, bähbitlerini we
borçlaryny deň derejede kepillendirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelerine seljerme
berdiler.
Şeýle-de okuw maslahatynyň dowamynda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly
gorag serişdeleriniň sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: