Türkmenabadyň S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylyň başyndan bäri 42 300 tonna fosforly mineral dökünler öndürildi.
Meýilnama 124, 4 göterim ýerine ýetirildi.
Ýylyň başyndan bäri buýurmalara görälikde kükürt kislotasynyň 29600 tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli derejesindäkiden ep-esli köpdür.
Zawodda öndürilýän senagat ähmiýetli kükürt kislotasy ýurduň çägindäki senagat kärhanalary tarapyndan giňden peýdalanylýar.

