YKDYSADYÝET

Himiýa zawodynda 51,5 million manatlyk önüm öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 57 million 513 müň 475 manatlyk önüm öndürildi.

Geçen döwürde kärhana boýunça fosforly mineral dökünleriň 155 müň tonnadan gowragy, kükürt kislotasynyň 56 müň 510 tonnasy, plastmassa önümleriniň 12 tonnasy, şeýle-de kislorodyň 122 müň 934 kub metri öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: