YKDYSADYÝET

Himiýa zawodynda 10 aýlyk meýilnama artykmajy bilen berjaý edildi

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň oba
hojalyk pudagynda zerur bolan fosforly dökünler, kükürt kislotasy, hlor heki,
şeýle-de oksigumat, kislorod ýaly önümleri öndürmekde ýokary netijeler
gazanylýar.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 167 million 368 müň 736
manatlyk önüm öndürildi. On aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 103
göterim ösüş depgini gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: