YKDYSADYÝET

Himiýa zawody fosforly dökünleriň 50 müň tonnadan gowragyny öndürdi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda fosforly dökünler, kükürt kislotasy, hlor heki, oksigumat, kislorod ýaly önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Zawodda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda fosforly dökünleriň 51 müň 300 tonnasy öndürilip, meýilnama 106,9 göterim berjaý edildi. Şeýle-de bu döwürde kükürt kislotasynyň 90 müň tonnasy taýýarlanyldy. Kärhana boýunça degişli döwürde jemi öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 92 million 500 müň manatlykdan gowrak boldy.