YKDYSADYÝET

Himiýa zawody 9 aýy üstünlikli jemledi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň dokuz aýynda fosforly mineral dökünleriň 118 müň tonnadan gowragy, senagat ähmiýetli kükürt kislotasynyň hem 220 müň 300 tonnasy öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Zawod baý taryhy arka atmak bilen, ýurdumyzyň himiýa senagatynda möhüm tejribeleriň hem ojagydyr. Üstesine, ol önümçiliginiň häsiýeti boýunça ýeketäkdir. 98,4 gektar giňişlikde ýaýylyp, özboluşly senagat şäherçesini emele getirýän bu kärhanada häzirki wagtda ýylda 170 müň tonna superfosfat, 200 müň tonna kislorod we ösümlikleriň ösüşini sazlaýan oksigumad serişdesi öndürilýär. Zawodda ýyllyk kuwwatlylygy 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge barabar bolan döwrebap önümhana hem hereket edýär.