BIZE YAZYARLAR

Himiýa pudagy pugtalanýar

Ata Watanymyz Türkmenistanda himiýa pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylyp, pudagyň ylmy esaslary has-da ösdürildi. Tebigy we mineral serişdelere baý bolan ýurdumyzyň kuwwatly gor mümkinçilikleri esasynda himiýa pudagynda iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Munuň özi özbaşdak ösüşimiziň 30 ýylynda himiýa ulgamynyň düýpli ösdürilendigini görkezýär.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halk hojalyklarynyň dürli pudaklarynda belent üstünliklere ýeten ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna häzirkizaman innowasion tehnologiýalary işjeň çekmäge çalyşýar. Muňa ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan himiýa pudagynyň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary geçirmek arkaly soňky ýyllaryň içinde himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Resminama ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalary işläp düzmek babatda yzygiderli işleri geçirmäge, önümçilige ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, halk hojalygynyň dürli pudaklaryna täze himiýa tehnologiýalarynyň hem-de dünýä ylmynyň gazananlarynyň giňden ornaşdyryljakdygyna doly güwä geçýär.

Malika HOJAKULYÝEWA,
Farap etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň himiýa mugallymy.