Himiki kibernetika
Islendik bilim pudagyny ylym hökmünde kesgitlemek üçin zerur hem-de ýeterlik şertleri: barlag predmetiniň, barlag usulynyň hem-de şol usuly amala aşyrmak üçin gerek bolan serişdeleriň bolmagydyr.
Ylym hökmünde kibernetika üçin barlag predmeti bolup — islendik tebigaty bolan ulgamlar we olaryň dolandyrylyp bilnişi, barlag usuly hökmünde — matematiki modelleşdirme, barlag strategiýasy bolup — ulgamlaýyn derňew (siste-malaýyn analiz), barlag serişdesi hökmünde bolsa, — hasaplaýjy maşynlar hyzmat edýär. Şonuň üçin hem kibernetikany tebigaty islendik görnüşde bolan, optimal (amatly, oňaýly) dolandyrmak maksady bilen maglumatlary (informasiýalary) kabul etmäge, saklamaga we gaýtadan işlemäge ukyply ulgamlary öwrenýän ylym hökmünde kesgitlese bolar. Himiki kibernetikanyň umumy ylmy-usulyýet ugry — dolandyrmak maksady bilen himiki-tehnologiki prosesler hem-de ulgamlar barada maglumatlary (informasiýalary) almakdyr we gaýtadan işlemekdir.
Şeýlelikde, kibernetika ulgamlar, maglumat (informasiýa), informasiýany saklamak we gaýtadan işlemek, ulgamlary dolandyrmak we olary optimizasiýalaşdyrmak ýaly düşünjeleri öz içine alýar. Şunlukda kibernetika matematiki modelleşdirmekden giňden peýdalanýar we öwrenilýän ulgamlary analiz etmäge hem-de sintez edip almaga, olaryň özlerini optimal ýagdaýda alyp baryşlaryny öňünden aýtmaga (prognozirlemäge) we dolandyryş kanallaryny hem-de algoritmlerini anyklap, ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän anyk netijeleri almaga ymtylýar.
Kibernetikanyň usullaryndan islendik ulgamda peýdalansa bolýar, şonuň üçin hem olar himiýada we himiki-tehnologiýada ulanylyp hem-de kibernetikanyň tehniki serişdeleri bolan hasaplaýjy maşynlaryň kömegi bilen amala aşyrylyp bilner. Şunlukda kibernetikanyň usullary himiki-tehnologiki prosesleriň geçişiniň täze kanunalaýyklyklaryny açmaga hem-de olary optimizasiýalaşdyrmagyň we dolandyrmagyň ýollaryny bellemäge mümkinçilik berýär. Himiki-tehnologiki prosesleriň kibernetikasy himiki tehnologiýany matematiki usullar we analiziň tärleri baýlaşdyryp, himiki-tehnologiýanyň özbaşdak ylmy bölümi hökmünde döredi. Şonuň netijesinde himiki tehnologiýanyň hakykatdan-da düýpli teoretiki (nazary) binýady tutuldy.
Kibernetikanyň usullary diňe bir optimal ýagdaýda funksionirleýän prosesi ýa-da ulgamy döretmäge mümkinçilik bermän, eýsem optimal režimi-kadany saýlap-seçip almagyň we ulanmagyň, şeýle hem prosesi ýa-da ulgamy optimal dolandyrmagyň ýollaryny hem görkezýär.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Tagaýewa Aýdyn