BIZE YAZYARLAR

Hereket – sagdynlygyň gönezligidir

Uzak ömür sürýän adamlaryň agramly bölegi diňe hereket edip, zühmetden lezzet alyp ýaşandyklaryny nygtaýarlar. Ynsan hereket edip ýaşasa, saglygy üçin peýdalydyr. Zerre bölejiklerinden tä ýyldyzlara çenli dyngysyz hereket edýän älemde bikär ýörmek ynsan ogluna gelişmeýär. Kebelekler gülden güle uçýarlar, guşlar şahadan şaha gonýarlar. Suwlar şildir-şildir akyp, güller açylyp, haýwanlar dürli tarapa ýüwürip, Güneş daň atanda jaýyndan çykyp, agşamam batýar. Eger älemde bu tertipli hereket, gaýrat bolmasa, biz dynç gezip bilermidik? Ynsan ýaradylandan bäri zähmet çekmäge, öz saglygy barada alada etmäge mejburdyr. Ol bagtly, eşretli durmuşa öz halal zähmeti bilen ýetýär. Kynçylyklardan hem şu ýol bilen gutulýar. Çünki kynçylyklar iş ýakmaz adamlaryň daş-töwreginde peşşe üýmegi ýaly toplanýarlar. Zähmet, sport bilen meşgullanmak ynsan ömrüni uzaldýar.

Üstünligiň syry zähmetde jemlenendir. Zähmetkeş adamlar gije-gündiz üstünlige ymtylýarlar. Maňlaý deri, gözüniň nury, gol zähmeti onyň üstünlige ýetirýän serişdelerdir. Beýik ykbally adamlaryň ählisi maksadaokgunlylygy we gujur-gaýraty bilen belent derejelere ýetipdirler. Akyldarlaryň biri: «Ylmyň hojaýyny bolmak isleýän adam zähmetiň guly bolsun» diýipdir.

Ynsan bedeniniň sagdynlygynyň ýokumly maddalar bilen üpjün edilişine bagly bolşy ýaly, akylyň ýitiligi we diriligi hem zehini maşk etdirmek bilen amala aşyrylýar. Çünki barlyk ýoklugyň dosty, hereket bolsa, dirilik we janlylykdyr. Akmasyny bes eden suwlaryň wagtyň geçmegi bilen bozulýanlygy hemmämize mälimdir. Ata-babalarymyz: «Işleýän demir zeňlemez» diýip ýöne ýere aýdan däldirler. Hereket ynsan bedenindäki gan aýlanyşygyň gowulaşmagyna täsir edýär.

Öz öňlerinde anyk maksat goýan kişileriň zähmet çekmekleri hökmandyr. Aňsatlyk bilen ele salnan zatlaryň dälde, azap bilen gazanylan eşretiň gadyryny bilmek zerur. Käbir adamlar gysga wagtda belent derejelere ýetmek isleýärler. Kynçylyklara çydap, eller gabaryp ýetilen maksat adamyň köňlünde kanagatlanma we lezzet duýgusyny döredýär.

Biz her gün düýnki günlere azajygam bolsa üýtgeşiklik girizmäge we tagam goşmaga çalyşmalydyrys. Hemişe sport bilen meşgullanmak hem sagdynlygyň gönezligidir. Wagtyny zaýa edýän adamyň öz-özüne şeýle sowal bermegi hökmandyr. «Çyýan, möý ýaly zäherli jandarlar adama howp salsa, öldürilýär. Wagt maňa juda zerur bolup durka, ony öz ellerim bilen öldüripdirdimmmikäm?» Bu sowala berilen «Ýok»diýlen jogap bize zähmet çekmäge ündeýän täsirli wesýet bolardy. Danyşmentleriň biri boş oturan adama salam bermezligi dogry tapypdyr. Elbetde biz durmuşda kynçylyklar, kemçilikler we säwlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne ähli zada hötde gelmekde bize zähmet ýardam berýär.

Ýurdumyzda raýatkaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sport sagdynlygyň gönezligidir. Zähmet çekmegi söýýän adamlar öz edýän işlerijden ruhlanýarlar we ruhubelent ömür sürýärler.

Jumanazar Ýagşyýew,

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: