Fiziki işjeňligiň peselmegi adam bedeniniň kem-kemden gowşamagyna, beden agzalarynyň işjeňliginiň we myşsalaryň güýjüniň peselmegine, içki agzalaryň işiniň üýtgemegine getirýär. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar. Sagdynlygyň esasy gözbaşy hereket hasaplanýar. Saglyk—bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — ýaşaýyş. Ýaşaýşy bolsa hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.
Adam bedeni üçin fiziki maşklar peýdalydyr. Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy bolsa saglykdan başlanýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen, onuň işjeňligini artdyrýar. Fiziki maşklar adam bedenine diňe bir gözellik bermän, ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär we ýürek-damar, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Mundan başga-da, gan aýlanyşygyny sazlaşdyrýar.
Adam bedenini taplamagyň iň ygtybarly usuly pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika bilen meşgullanmak bolup durýar. Bu düzgünler sazlaşykly berjaý edilende, immunitet ýokarlanyp, işe bolan ukyp berkeýär. Pyýada ýöremek beden üçin iň peýdaly maşkdyr. Adamlar pyýada ýöremegi öz endigine öwürýär. Pyýada ýörelende geýlen aýakgaplar göwrä laýyk, rahat, ökjesi bolsa pes bolmaly. Ýöreýşiň depginini özüňizi duýşuňyza laýyklykda saýlamaly.
Her bir adam özüne laýyk gelýän sportuň görnüşlerini saýlap alyp, onuň bilen saglygyna peýdaly hem ýaramly derejede meşgullanmaly. Maşklar ýerine ýetirilýän wagty kadaly dem alşa gözegçilik etmeli. Saýlanan maşklar ýaş aýratynlygyna görä tapawutlanmaly.
Ynsan saglygy üçin peýdaly hereketleriň biri hem welosiped sürmekdir. Welosiped sürmek adamyň aýaklarynyň myşsalaryny berkitmäge ýardam berýär we olaryň çydamlylygyny artdyrýar. Şeýle hem gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Mundan başga-da, sportuň bu görnüşi göreç üçin hem peýdalydyr. Sebäbi uzaga seredip, daşdaky bir zada gözüňi dikmek göz myşsalarynyň berkemegine ýardam berýär. Welosiped sürlende hökman onuň düzgünlerini berk berjaý etmeli. Onuň üstünde dogry oturmak möhümdir. Welosiped sürmekçi bolýan adamlaryň öz saglyk ýagdaýy durnukly bolmasa, lukman bilen maslahatlaşmalydyr. Ýaramaz howa bolanda ýa-da özüňizi erbet duýsaňyz, türgenleşikden saklanmalydyr.
Welosipedli gezelenç etmek isleseňiz welosipediňiz gurat, abat, öz boýuňyza görä saýlanmalydyr, geýen eşikleriňiz rahat bolmalydyr. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri, agyr keseli başdan geçirenler, ýaşuly adamlar bu meselede hökman lukmanlar bilen maslahatlaşmalydyrlar.
Murat Öwezow,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkolog lukmany.