BIZE YAZYARLAR

Her ýylymyz bir şygar, öňe barýar gül Diýar

Her bir güni şanly wakalara beslenýän, gül gujagy dost-doganlyk mekany bolan gözel Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň belleniljek ýyly dowam edýär. Şahyr aýtmyşlaýyn «Her ýylymyz bir şygar, öňe barýar gül Diýar». Dogrudanam, her bir ýylymyz taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, halkymyzy beýik üstünliklere besleýär. Döwletimizde dürli ulgamlarda zähmet çekýän ynsan özüniň zähmet üstünlikleri bilen ýene bir şanly ýyla gadam basýarlar. Bu bolsa gursagynda ata Watanymyza söýgi-sarpanyň barlygynyň şaýady bolup, Watan öňündäki borçlaryny arassa zähmetleri bilen ödeýänliginiň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her ýylyň şygary bilen utgaşdyrylyp uly işler alnyp barylýar we ýyllar üstünlikli jemlenip, geljek ýyla täze güýç bilen gadam basylýar. Bilşimiz ýaly uly üstünliklere beslenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň ähli ýerlerinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjek önümçilik kärhanalary, toplumlary gurlup ulanylmaga berildi, täze döwrebap desgalaryň düýbi tutuldy. Ylym-bilim ulgamynda-da ýokary hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Talyplar halkara derejesinde geçirilýän ylmy bäsleşiklerde ýokary netijeleri gazandylar.
Uly üstünliklere beslenip dowam etýän üstümizdäki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzda hem geçirilýän çäreler bütin dünýä ýaň salar diýip buýsançly aýdyp bileris. Bu ýylda ýurdumyzda halkara derejesinde geçiriljek forumlaryň, bäsleşikleriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýändigi guwançlydyr. Şeýle-de bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uly şatlyk bilen bellenilip geçiler. Bu şanly toýuň toýlanyljak ylyny uly üstünliklere beslenmäge il-günümiz bilen bilelikde, biz bilim işgärleri hem saldamly goşandymyzy goşýarys. Ýaş nesillere döwrebap bilim terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren, her ýylyň şanly wakalaryna kybapdaş eserlerini ýaş neslimiziň arasynda wagyz-ündew işlerini, dürli medeni-köpçülik çäreleri guraýarys.
Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, uly taryhy işleri amal edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn.

Merjen BEKNIÝAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.