Sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde çäreler üstünlikli geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda wagyz-nesihat çäreleri,
amaly-tejribe okuwlar, bäsleşikler ýola goýulýar. Wagyz-nesihat çärelerinde ýollarda pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk medeniýeti, tertip-düzgünleriň berjaý edilişi giňişleýin beýan edilýär.
Eziz Watanymyzyň dürli künjeginiň bagtyýarlyga beslenen şaýollarynda we köçelerinde pyýadalar bilen sürüjileriň arasyndaky hukuk medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy öz maslahatlary bilen ýüzlenýär.
Pyýadalar awtoulaglaryň gatnaw böleginden, ýoluň islendik ýerlerinden peýdalanmaly däldir. Olar ýoluň gatnaw bölegini diňe pyýadalar üçin niýetlenilen geçelge ýerlerinden, ýerasty we ýerüsti geçelgelerden geçmelidirler.
Pyýadalar golaýlap gelýän ulaglaryň ýokdugyna anyk göz ýetirmän, duran ýa-da düşen ulaglarynyň, şonuň ýaly-da, gözýetimi çäklendirýän başga päsgelçiligiň öňünden köçäniň gatnaw bölegine çykmaly däldir.
Sürüjiler köçäniň pyýadalaryň geçmegi üçin düzgünleşdirilýän ýa-da düzgünleşdirilmeýän ýerlerinde gatnaw böleginden geçip barýan ýa-da geçmek üçin köçäniň gatnaw bölegine çykan pyýadalary gören badyna, olary geçirmek üçin ulagynyň tizligini peseltmäge ýa-da säginmäge borçludyr. Eger-de sürüji düzgünleşdirilmeýän pyýada geçelgesiniň öň ýanynda ulagynyň tizligini peselden ýa-da säginen bolsa, onda şol ulagyň yzyndan we goňşy hatardan barýan beýleki ulaglaryň sürüjileri diňe şol ulagyň öňünde pyýadalaryň ýokdugyna anyk göz ýetirenden soňra hereketlerini dowam etdirip bilerler. Şeýle-de sürüjiler saga ýa-da çepe öwrülende, öwrülýän ýolunyň gatnaw böleginden geçip barýan pyýadalara ýol bermäge borçludyr.
Namaz GAPUROW,
Köýtendag etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň
müdiri, polisiýanyň maýory.
