JEMGYÝET

«Her gün» ilata konditer önümlerini hem hödürleýär

Saýatly hususyýetçi Alym Joraýewiň «Her gün» haryt nyşanly önümçiliginde her gije-
gündizde sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt we süýt önümleriniň gaýmak,
goýaldylan gaýmak, gatyk, dorog, peýnir ýaly görnüşleri öndürilýär we halkymyza ýetirilýär.
Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu konditer
önümçiliginde her günde gury kökeleriň 50 kilograma golaýy, ak kökeleriňdir keksleriň hem
130 kilogramdan gowragy öndürilýär. Şu ýylyň geçen döwründe hem konditer önümleriniň 3
tonnadan gowragy taýýarlanylyp, ak bazarlarymyza ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: