Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa degişli bolan «Hepdelik» haryt nyşanly hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri datly kökeleriň, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally dorogly çörek önümleriniň we dürli tagamly süýjüleriň 28 tonna golaýy öndürilip, ilata hödürlenildi.
Şeýle-de bu ýerde halkyň uly isleg bildirýän peýnirleriniň duzly hem-de
«Abywerd» ady bilen tanalýan gaty kyrkgasanak görnüşleriniň her günde 100 kilogramdan gowragy taýýarlanylýar. Önümçilikde 20-ä golaý işgär zähmet çekýär.
«Hepdeligiň» şu ýylky önümçiligi 30 tonna golaýlady

20
Dec