Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowanyň önümhanasynda “Hepdelik” haryt nyşanly çörek we çörek önümleriniň, süýji-kökedir peýnir önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.
Önümçilige dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen kämil tehnologiýalara daýanýan enjamlar ornaşdyrylandyr.
Bu önümhanada önümleriň 32 görnüşi öndürilýär. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan önümçilikde işçi-hünärmenleriň 20-ä golaýy zähmet çekýär.
Bu ýerde her aýda 2,5- 3 tonna golaý önüm öndürilýär. Peýnir üçin her gije-gündizde bir tonnadan, her aýyň dowamynda bolsa otuz tonnadan gowrak süýt gaýtadan işlenilýär. Bu önümçilikde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda ýokary hilli peýnirleriň 15 tonnasy söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata hödürlenildi.