BIZE YAZYARLAR

Hemişelik bitaraplyk syýasaty – Türkmenistanyň saýlap alan taryhy ýoludyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly iňňän wajyp filosofiki başlangyjyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýär. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan tejribeler Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny degişli Kararnamalar bilen üç gezek ykrar etmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň has-da ösmegine, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatymyz ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipeler “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” giňden beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunca öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunca ýurdumyzyň diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar.
Aziýanyň merjeni paýtagtymyz – Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan merkezidir. Aşgabat – ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm halkara syýasy gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesinde wajyp meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maslahatlar hem geçirilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda ştab-kwartirasy ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi açyldy. Ýewropa döwletleri bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen “Ýewropa öýi” merkezi hem hereket edýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden taryhy Kararnamasy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şanly wakalara beslenýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini has-da artdyrýar.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 17 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli iş alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr.
2007-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda öz işine başlan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň esasy maksady – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümetlerine jedelleri parahatçylykly çözmek üçin mümkinçilikleri ösdürmek we gepleşikler ýoly bilen hem-de degişli meýilnamalaryň çözülmegi üçin halkara goldawyny çekmek boýunça ýardam bermekdir. Bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň tutýan orny barada belläp geçmek zerurdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.
Halkara giňişlikde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek hem ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň degişli Konsepsiýasynda daşary döwletler bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary netijeli ilerletmek babatda anyk wezipeler öňde goýulýar.
Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň gün tertibinde orun alan ählumumy meseleler boýunca halkara başlangyçlary öňe sürmegi we olaryň giň goldawa eýe bolmagy asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa döwletimiziň halkara işleriniň yzygiderli kämilleşmegine, dünýä meselelerine has döredijilikli çemeleşmegine ýardam berýär.
Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara meseleleriň çözülmeginde öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny, bitaraplyk ýörelgeleriniň giňden peýdalanylmagyny, parahatçylyk dörediji dialogyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ynanyşmak medeniýetiniň dikeldilmegini häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görýär.
Türkmenistan özüniň Konstitusiýasy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly ýörite Rezolýusiýasy esasynda hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwletdir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ykrar edilmegidir.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynda 47 döwletiň awtordaşlygynda, 193 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Rezolýusiýasy ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. Rezolýusiýa ýene bir gezek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny BMG-niň goldaýandygyny görkezdi we ähli agza döwletlerini bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga, goldamaga hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we çäk bütewiligini hormatlamaga çagyrdy.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň milli derejedäki syýasy-hukuk esaslary, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň konstitusion kanunynda we 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Konsepsiýasynda öz beýanyny tapýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy her bir döwletiň öz daşary syýasat strategiýasyny kesgitlemekde özygtyýarlylyk hukugynyň bardygyny, şeýle hem Türkmenistanyň sebit we bütin dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we oňyn ornuny goldady.
Baş Assambleýa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny ykrar etmek bilen, BMG-a agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bütewiligine hormat goýmaga çagyrdy. Şol bir wagtda-da, Milletler Bileleşigi hakykat ýüzünde Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara-hukuk kepilliklerini aýan etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň girişinde Türkmenistanyň bitaraplygy “sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkemegine ýardam eder” diýlip kesgitlenilýär. Munuň özi ýurduň umumy ykrar edilen halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň oňyn häsiýetlidiginiň aýratyn bellenilmegidir.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etmekde BMG bilen bilelikde Goşulyşmazlyk hereketi we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly iri we abraýly guramalaryň uly goldawyny nygtamak zerurdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldamagy üpjün edýän wajyp halkara hukuk resminamalary bolan EKO-nyň 1995-nji ýylyň 15-nji martynda kabul
edilen Yslamabat Jarnamasynda we Goşulyşmazlyk Hereketiniň 1995-nji ýylyň oktýabrynda kabul eden Kartahena Rezolýusiýasynda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etmek ugrundaky tagallalary oňlanyldy.
Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen baglaşylan halkara-hukuk derejesindäki birnäçe ikitaraplaýyn resminamalary (ylalaşyklar, beýannamalar, beýanatlar, jarnamalar) hem onuň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ykrar edilmeginiň hukuk esasy hökmünde bolup durýar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden
başlap amala aşyrýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň BMG derejesinde ykrar edilmegi halkara gatnaşyklary ulgamynda synagdan geçen institutlaryň biri bolan bitaraplygyň taryhynda-da ilkinji tejribe boldy. Halkara bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň mysalynda halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze
nusgasynyň döremeginiň şaýady boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde we ondan hem has giň çäklerde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, durnukly ösüşiň özboluşly we netijeli guraly hökmünde herekete girdi.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle ýokary halkara derejesindäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýänligini we onuň hemişelik bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýanlygyny subut etdi. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasat başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi onuň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde köptaraply diplomatiýasynyň netijeliliginiň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistan döwletimizde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” uly dabaraly çärelere beslenýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlyk giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyz energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmek, sebitiň suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekologiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleler bilen

birlikde ýaş nesliň döwrebap bilim almaga üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Bu bolsa dünýä halklary bilen dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaklyga uly mümkinçilikleri döredýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde birnäçe ýyllardan bäri her okuw ýylynyň ikinji ýarymynda geçirilýän “Ykdysady hünärler we takyk dersler” boýunça usuly birleşmesiniň çäklerinde “Hünärim bar – hormatym bar” atly hepdelikler asylly däbe öwrüldi.
Ýaňy-ýakynda mekdebimiziň “Ykdysady hünärler we takyk dersler” boýunça usuly birleşmesiniň “Hünärim bar – hormatym bar” atly hepdeligiň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Türkmenistan – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata mekdebimiziň mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda mekdebimiziň “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hem-de “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň talyplary “Hemişelik bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň saýlap alan ýoludyr”, “Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygy”, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň milli kanunçylyk we halkara hukuk esaslary”, “Türkmenistanyň diwersifikasiýa syýasatynyň energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetli ugurlary”, “Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy” atly temalarda çykyş edip ýokary işjeňlik görkezdiler. Dabaraly maslahatda Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenilýän Hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideoşekiller, prezentasiýalar hem-de dünýä halklaryny dost-doganlyga, parahatçylyga, asudalyga çagyrýan aýdymlar bu dabaraly çärä aýratyn öwüşgün berdi.
“Ykdysady hünärler we takyk dersler” boýunça usuly birleşmäniň hepdeliginiň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda “Zehin bäsleşigi”, “Işewürlik meýilnamasynyň düzülişi” atly temalarda hem-de milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini wasp edýän prezentasiýalary, wideoşekilleri taýýarlamak boýunça bäsleşikler yglan edildi. Dabaraly çärede hem-de maslahatda aýratyn tapawutlanan, bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyp ýaşlara hormat hatlary gowşuryldy.

Nigara AMANOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: