BIZE YAZYARLAR

Hemişelik Bitaraplyk – halkymyzyň buýsanjynyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 29 ýyllygyny baýram edýär. Mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 
Türkmenistanyň Bitaraplygy – häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkar guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär.
Ýyllarboýy Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar. Ýokarda agzalan resminamanyň gaýtadan,  Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän Kararnamanyň, «Halkara parahatçylygy,  howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna dünýä döwletleriniň birnäçesiniň goşulmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň dowam edýän  Bitaraplyk taglymaty hem öňegidişliklere beslenýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ganatynda döwletimiziň alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň hataryndan iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň hem oňyn paýy bar. Şol guramalaryň arasyndan Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere göterilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň köpden bäri strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň bu iri maliýe düzümi bilen hyzmatdaşlygy birnäçe ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Abraýly halkara maliýe guramasy tarapyndan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli ädimleriň goldanylmagy we ykrar edilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň öz wagtynda geçirilýändiginiň hem-de örän derwaýysdygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Umuman, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejämiziň saýasynda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze derejelere göterilýär. Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak bolsun, mähriban halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 Jamilýa MAMEDOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: