Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly teatr hepdeligine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.
Dekabr aýynda geçiriljek hepdelikde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri halka ýetiriler.
Hormatly Prezidentimiz çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, degişli görkezmeleri berdi.
«Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly teatr hepdeligine taýýarlyk görülýär
18
Oct
