- UNCATEGORIZED

Hem mahabatlandyrýarlar, hemem düşündirýärler

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatyndaky şahamçalarynyň hünärmenleri mahabat, düşündiriş işleri geçirmegiň özboluşly ýoluny saýlap aldylar. Olar şahamçalaryň ýerleşýän jaýlarynda oturdylan bankomatlaryň ýanynda monitorlarda bank hyzmatlarynyň görnüşleri, olardan peýdalanmagyň usullary we ähmiýeti barada maglumatlary görkezýärler.

Indi bankomatlaryň hyzmatyndan peýdalanmak üçin gelýän her bir adam bank ulgamynyň işi hakynda maglumatlary hem alyp bilýärler. Monitorda görkezilýän şekillere ses arkaly hem düşündiriş berilýär. Bu mahabat bilen bir hatarda ilatyň maliýe sowatlylygyny artdyrmaga, raýatlaryň süýşürintgilerini saklamak medeniýetini kämilleşdirmäge hem gönükdirilendir. Bu ýerde müşderiler bank kartlarynyň görnüşleri, olaryň aýratynlyklary, kartlaryň nähili açylyşy, nagt däl hasaplaşyk we onuň ähmiýeti barada maglumatlary alyp bilýärler. Söwda we hyzmat nokatlarynda gurlan terminallardan peýdalanmak öwredilýär. «Internet bank», «Mobil bank» we internet ulgamynyň üsti bilen söwda hyzmatlaryndan peýdalanmagyň tertibi we usuly düşündirilýär.

Mundan başga-da, bankyň işgärleri ýüz tutup gelýänleriň meseleleri boýunça düşündiriş we maslahatlary hem berýärler. Munuň üçin hünärmenler müşderiler aýda bir gezek ellenilen wagtda kabul edýärler.

Поделиться ссылкой: