Çagalaryň ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmek ugrunda çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary yzygiderli döredijilik gözleglerinde bolmak bilen zehinli çagalaryň aýdym – saz sungatyna uly toparynyň goşulmagyna şert döredýärler. Häzirkizaman tehnologiýalaryň ösmekligi we giňden ýaýramagy bu ýeňil bolmadyk işde mugallymlara we okuwçylara uly ýardam bolup durýar. Elbetde bu ösüşler çagalar üçin eserleri döredýän kompozitorlaryň öňünde hem täze meseleleri goýýar. Esasan – da ýekelikde aýdymçylar we hor üçin niýetlenen eserleriň heňleriniň ösüşi, sesleriň diapazonynyň ulanyş aýratynlyklary, XIX asyryň soňlaryndan öz gözbaşyny alýan kompozitorçylyk tehnikalarynyň görnüşleriniň häziriki döwrüň saz gurluşlaryna girizilmegi( atonallyk, aletorika we beýlekiler), saz akymlarynyň garyşmagy (nusgawy sazlar bilen pop, džaz, kantri, rok,rep, milli sazlar), aýdym aýtmakda wokalyň dört sany esasy görnüşinden (klassiki ýagny akademiki wokal, džaz, estrada we halk aýdym) gelip çykýan ses alnyş usullaryň köpdürliligi
(oberton, draýw, belting,twang,ýodl,sesiň ikilenme aýdylyş usuly, damakda, twang,subton) kompozitorlaryň öz döredijiligine üýtgeşiklik girizmegi talap edýär. Çagalar üçin hor eserlerinde ses bölünişini we heň bilen ikinji derejeli sesleriň akgynlygyny we sazlaşykly ýaňlanmagyny gazanmak üçin ses aýratynlyklary üns merkezinde saklamaklyk kompozitora zerur bolup durýar. Wokal eserlerde tebigat seslerini we janly – jandarlaryň seslerini ýaňlandyrmak, aýak tapyrdy ýa-da belli ritm kakmak, çarpyk, gümmürdi, güpürdi, takyrdy seslerini ulanmak, hordaky çagalaryň tans hereketlerini ulanmak bu žanrlaryň özüneçekijiligini has-da artdyrdy.
Taryha ser salanymyzda , XX asyryň başlarynda professional improwizasiýa döredijiligi ýene-de öňe saýlanyp, geçen döwürlere seredende çeperçilik beýan edilişde aleatorika ýaly has – da erkin görnüşli (oýun we duýdansyzlyk , batyrgaýlyk, howplulyk, tötänlik ) kompozosiýanyň prinsipleri höküm sürýär. Bu döwür barokko akymynyň, nusgawy klassizmiň, romantizmiň saz gurluşlarynyň parametrlerinden çykyp, minimalizm, awangard , postawangard,
modernizm we beýleki akymlary emele getirip, dörediji, ýerine ýetiriji we diňleýji ynsanlaryň öňünde öz meselelerini we täze pikirlerini goýýar. Duýdansyzlyk eserlerde garaşylmadyk, notada awtor tarapyndan fiksirlenmedik, belli bir tertibi görkezilmedik , ýagny ýerine ýetirjek interpretatorlaryň özbaşdak saýlawyna we duýgusyna goýulan kontekstinde beýan edilýär. Elbetde , ýerine ýetiriji – interpretasiýany özüniň ezberligine , tejribesine, içki duýgularyna, pikirine esaslanyp amala aşyryp biler. Bu bolsa eseriň gezekden-gezege üýtgäp, her dürli öwüşginde ýaňlanmagyna getirýär. Aýratyn-
da aleatoriki eserlerde duýdansyzlyk diňe bir saz materialynda däl, eýsem wakalaryň göz öňüne getirip bolmajak halatyna, olaryň ösüşiniň bolsa nä derejede garaşylmadyk ýagdaýa geljekdigi kompozitor, ýerine ýetiriji we diňleýji üçin belli däldir. Başgaça aýdanymyzda umuman sazdaky aleatorika bu bütinleý duýdansyzlyk, tötänlik, improwizasiýa.
XX asyryň kompozitorlarynyň aglaba bölegi sazyň indeterminizm formasyna ýykgyn edipdirler we öz aleator konsepsiýalaryna her dürli at beripdirler. Bu ugurda ilkinjiler bolup amerikan kompozitory Çarlz Aýwz özüniň saz eksperimentleri esasynda, awangard akymynyň ähli geljekgi kompozitorlaryň döredijiliginde ulanjak saz tehnikasynyň hemme usullaryny, görnüşlerini oýlap tapypdyr. Onuň ýönekeý türgenleşik üçin niýetlenen dört elde ansambl çalmaga niýetlenen eserleri her partiýanyň dürli tonallykda ýerine ýetirilmekligi talap edýär. Onuň wokal eserleri hem özboluşlylygy bilen tapawurlanýar: “ Biziň atalarymyzyň aýdan aýdymlary” atly eserinde XIX asyrda ýerine ýetirilýän
aýdymlaryndan kiçijik sitatalary haos, tertipsiz hatarynda ýerleşdirilýär we akkompanement bilen gümmürdili, ýakymsyz owazly ýaňlanmagyna getirýär; iki fortepiano üçin sazynda bolsa bir saz guraly dörtden bir ton pes düzdürip, bilelikde kakofoniýany emele getirmegini gazanýar. Onuň ýoluny dowam ediji amerikan kompozitory, filosof, şahyr, sazşynas, suratkeş Džon Keýdž 1940- njy ýyllardan başlap, awangard akymyny has-da ösdürýär. Oňa başgaça “ümsümligiň kompozitory” hem diýýärler. Meşhur eserleriniň biri bolan “4,33” , bu ümsümligiň nä derejede ümsüm däldigini subut
edýän üýtgeşik eserdir. Fortepianony preparasiýa edip, ony klawişaly hem-de kakylyp çalynýan saz gural hökmünde ulanmagy, bütin dünýä kompozitorlary we ýerine ýetirijileri üçin özüni aýan etmeklige täze bir ýol açdy. Onuň preparirlenen fortepianosynyň ähli sesleri belli bir beýiklige düzülip, çylşyrymly we özboluşly birnäçe shemany emele getirýär. Bu shema özüniň çylşyrymlylygy boýunça Weberniň we Ştokhauzeniň parametrli kompozisiýasy bilen
bir hatarda durýar. Ol ilkinjiler hatarynda giňişlik, boşluk sazy diýen gurluşy girizýär. Onuň “Jogapsyz galan sorag” atly eserinde üç topara bölünen saz gurallar zalyň dürli künjeklerinde ýerleşip, her haýsy dürli tonallyklarda, çüňňur hromatizirlenen heňleri we ýekelikdäki truba bolsa şol bir heň öwrümini özüniň soragy hökmünde belli bir wagtda ýerine ýetirýär.
Kompozitor Stiwen Maýkl Raýhyň döreden sazlary bolsa özüniň psihodeliz häsiýeti we adamyň beýnisininde gizlenýän gümürtik pikirlerini orta çykarýan eserlerdir. Olardan “Piano phase” we “Violin phase” eserlerini alanymyzda: iki fortepianoda bäş sesden ybarat we haos görnüşde on iki sany 16-lyk notalardan düzülen motiw ýaňlanýar. Ikinji fortepiano 2-nji belgiden gijä galyp girýär we soňra depginini göterip, ikisi unison ýaňlanýar we ýene-de şu görnüş
tükeniksiz ýagdaýda gaýtalanýar. Bu ýerde minimalizmiň usullary ulanylypdyr. Minimalizmde repetisiýaly gurluş , ýagny şol bir öwrümiň kän gezekler aýlanyp gaýtalanyp durmaklygy. Bu eseri wirtuoz ýaş pianinoçy Pýotr Aýdu ýeke özi ýerine ýetirip, ähli diňleýjilerini haýran galdyrýar.
Awstriýaly kompozitor Roman Haubenştok – Ramati sonor, aleator, grafiki sazlaryna ýykgyn edip, saz bilen suratkeşligiň baglanyşygyna öz döredijiliginde aýratyn üns beripdir. Onuň döreden sazlary grafiki partitura görnüşinde berilipdir. Bu döwür ýene-de birnäçe zehinli, erkin pikirleri bilen meşhurlyk gazanan kompozitorlary peşgeş berdi. Olardan : Krisçen Wulf, Erl Braun, Karlhaýns Ştokhauzen, Ledžaren Hiller, Ýanis Ksenakis, Igor Strawinskiý, Arnold Şýonberg, Pýer Bulez,
Filip Glass, Pýer Şeffer, Faust Rametelli hakynda aýtmak hökmanydyr.Şeýle-de häzirki döwürde şu usullary döredijiliginde ulanýan we awangard kompozitorlarynyň döredijiligi bilen köpçüligi tanyşdyrýan kompozitorlar: Wladimir Tarnopolskiý, Fýodor Sofronow we beýlekiler. Umuman alanymyzda bu döwrüň, ýagny awangardyň ýüze çykaran ençeme kompozitorlary saz döretmegiň , ony ýazgy etmegiň, ýerine ýetirmegiň usullarynyň ençemesini oýlap tapdylar,
täze pikirleriň, göz öňüne getirijilik ukybynyň erkinligini, beýan ediş serişdeleriň ummasyzdygyny bize subut etdiler.
XXI asyryň saz sungatyna hem awangardyň täsiri ummasyz boldy. Bu täsir çagalar üçin döredilýän sazlarda hem aýan bolýar. Häzirkizaman kompozitorlar öz eserlerine täze beýan ediş serişdelerini we ýerine ýetiriliş aýratynlyklary girizip,
dramaturgiýanyň we çeperçiligiň serhetlerini has –da giňeldýär. Saz bezegleri, ses alynyş endikleri, polifoniýa – ýerine ýetirijiniň içki duýgularynyň çuňlugyny aýan edýän serişde hökmünde, reçitatiwleriň dürli görnüşleri – ýerine ýetirijilik usullaryna degişlidir. Kompozitorlar A.Şnitke, S.Gubaýdulina, N.Sidelnikow şol akymyň görnükli wekilleri
bolsa – da olaryň wokal, hor eserleriniň aglaba bölegi uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Ähli eserleriň şowly ýaňlanmagy – ýerine ýetirijiniň we çagalary alanymyzda, olaryň mugallymlarynyň professionallygynyň derejesine, öz kärine nä derejede eýelik edip bilýändigine , saz akymlaryna, stillerine, ugurlaryna düşünip, okuwçylara düşündirmegine, girişmegine bagly bolup durýar. Aýratyn – da wokal sungatyny alanymyzda her stiliň özüne mahsus bolan wokalizasiýasy bolup, ol artistden hem rezonatoryny dogry ulanmaklygy, sözlemi dogry düzmegi, haýsy registrde we nähili işlemelidigini, ses hüjüminiň güýjüni kesgitläp aýtmagy talap edýär. Şu nukdaý-nazardan saz gurallarda ýerine ýetirijilerde täze usullary öwrenmek, çalmak köp wagt talap etmese – de, wokal we hor eserlerinde gural ses bolandygy üçin aýdymçylaryň, dirižýorlaryň ýiti
eşidiş ukyby, arassa intonirlemek bilen birlikde irginsiz zähmeti we ünsli işlemekligi zerurdyr. Perdeleriň we tonal planynyň häzirkizaman sazlarynda durnuksyzlygy, wokal tehnikalarynyň garyşyp çylşyrymlaşmagy aýdymçy artistleriň ses gönükmelerine hem täzeçe usulda seretmegini talap edýär. Kompozitorlar hor we wokal eserlerinde diňe tehniki usullary bilen çäklenmän , eýsem ses alynyş usullaryň hem dürli görnüşlerini ulanmaklyk arkaly eseriň manysyny we çeperçiligini artdyrmaklygy gazanýarlar. Elbetde hor eserini döretmekde däp bolup gelýän hor düzümlerine esaslanmak
kompozitor üçin hökmany bolup, ol özüniň fantaziýasyna görä hor düzümini, partiaýalarynyň bölünişini başga usullar arkaly hem üýtgedip biler. Nusgawy “legato”, “staccato”, “non legato” usullary bilen çäklenmän, eýsem eserlerde guşuň sesine öýkünme, aýak sesini görkezmek, güpürdi, maşinyň ýa-da haýsy-da bir haýwanyň sesini partiturada görkezip ýaňlanmagyny gazanmak meseleler awtor bilen ýerine ýetirijiniň öňünde durýar. Bu bolsa hor teatry ýaly žanryň
emele gelmegine getirýär. Wokal ses alynyş usullaryny alanymyzda bolsa , häzirikizaman saz diliniň duýgulary has – da çişirilen görnüşde görkezmek häsiýete eýe bolmagy, ses belentlik deňeçerliginiň giňelmegi, ştrihleriň innowasion görnüşleriniň ulanylmagy esasy meseleleriň biri bolup durýar. Milli sungata mahsus bolan saz öwrümleriniň, perdeleriniň, ses hatarlarynyň, ses aralyklarynyň we wokal usullarynyň wokal ýa-da instrumental eserlerde ulanmaklyk
däp bolsa – da, kompozitorlar bu ugura hem täzeçillik girizmegiň hötdesinden gelýärler. Bokurdakda ýa-da damakda aýtmak usullary simfoniki orlestr üçin niýetlenen eserlere girizmek,kakylyp çalynýan, ýa– da milli saz gurallaryň ýanynda džaz, belting, ikilenme ses ýa – da akademiki wokalda aýtmak ýaly garyşyk usullarynyň häzirki döwürde täze öwüşgün bilen indiki awtorlaryň döredijiligine içgin ornaşdy. Täze saz akymlarynyň ähli sungata hyzmat edýän ynsanlaryň
durmuşynda öz ornuny tapýandygy we ornaşýandygy bu günki gün ýaňlanýan, ýerine ýetirilýän we söýülip diňlenýän aýdym-sazlardan belli bolup durýar.
Şeýlelik bilen bu ugurda döredijilik işleriniň köpdürliligi hakynda , kompozitorlaryň çagalar we ulular üçin eserleri döretmekde täze usullary, beýan ediş serişdeleri batyrgaýlyk bilen ulanmak wezipesi wajyp bolup durýar.
Jemal REÝIMOWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
ýokary derejeli mugallymy, bölüm müdiri, kompozitor.